«Ahal» Kubok bäsleşiginiň ikinji finalçysy boldy
23 Noýabr, 2022 ý.

«Ahal» topary Türkmenistanyň Kubogy – 2022-niň ikinji finalçysy boldy. Şu gün geçirilen ýarymfinalyň jogap duşuşygynda «Ahal» paýtagtymyzyň «Altyn Asyry» bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnady. Ýarymfinalyň birinji duşuşygynda “Ahal” toparynyň myhmançylykda “Altyn Asyry” 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edendigini ýatladýarys.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky final duşuşygynda «Ahal» Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamy» bilen duşuşar. Final duşuşygy şu ýylyň 11-nji dekabrynda geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, bu toparlar geçen möwsümde hem Kubok bäsleşiginiň aýgytlaýjy duşuşygynda güýç synanyşypdylar. Şol duşuşyk 1:0 hasabynda «Şagadamyň» peýdasyna tamamlanypdy.

Türkmenistanyň Kubok bäsleşiginiň ýarymfinalynyň jogap duşuşygy:

«Ahal» – «Altyn Asyr» – 0:0
Bellik: 90+6-njy minutda Altymyrat Annadurdyýew («Altyn Asyr») 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmedi.
Duýduryşlar: 45 Ilýa Tamurkin, 86 Ata Geldiýew («Ahal») – 45+1 Rahman Myratberdiýew, 62 Ahmet Ataýew («Altyn Asyr»)
Geçirilen ýeri: «Nusaý» stadiony (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.