«Ahal» birinji orny eýelemegini dowam edýär
01 Noýabr, 2021 ý.

Şu gün, 1-nji noýabrda Aşgabatda hem-de Türkmenbaşy şäherlerinde geçirilen oýunlar bilen ýurdumyzyň futbol çempionatynyň üçünji tapgyryna badalga berildi.

Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda «Ahal» Marynyň «Energetigini» kabul etdi. Bu duşuşykda döreden mümkinçiliklerini ýerlikli peýdalanan ýer eýeleri 3:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Gazanan bu ýeňşinden soň 10 utuk toplan «Ahal» topary ýaryş tertibinde eýeleýän birinji ornunda galdy.

Türkmenbaşyda geçirilen duşuşykda ýerli «Şagadam» topary paýtagtymyzyň «Altyn Asyryny» 4:2 hasabynda ýeňlişe sezewat etmegi başardy. Bu ýeňşinden soň utugyny 7-ä ýetiren «Şagadam» ikinji basgançaga geçdi. 6 utugy bolan «Altyn Asyr» bolsa üçünji orny eýeleýär.

Futbol çempionatymyzyň üçünji tapgyry 2-nji noýabrda duşuşyklaryň ikisi («Aşgabat» – «Merw», «Köpetdag» – «Nebitçi») bilen jemlener.

3-nji tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri:

«Ahal» – «Energetik» – 3:1

Gollar: 25 Resul Hojaýew, 51 Ilýa Tamurkin, 78 Pirmyrat Sultanow («Ahal») – 53 Orazmuhammet Işangulyýew («Energetik»)

Bellik: Duşuşygyň 59-njy minutynda Elman Tagaýew («Ahal») 11 metrlik jerime urgusyny nädürs ýerine ýetirdi.

Duýduryşlar: 70 Ybraýym Mämmedow («Ahal») – 44 Şaweli Seýitgulyýew («Energetik»)

Geçirilen ýeri: «Nisa» stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: Ç.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň komissary: G.Kanaýew (Aşgabat ş.)

«Şagadam» – «Altyn Asyr» – 4:2

Gollar: 8, 79 Nazar Towakelow, 42 Murat Ýakşiýew, öz derwezesine, 90+3 Röwşen Begjanow («Şagadam») – 26 Merdan Muhadow, 32 Röwşengeldi Halmämmedow («Altyn Asyr»)

Duýduryşlar: 2 Baýramgeldi Nurlyýew, 30 Hydyr Ýakubow, 81 Arslan Ýollyýew («Şagadam») – 6 Güýçmyrat Annagulyýew («Altyn Asyr»)

Geçirilen ýeri: «Şagadam» stadiony (Türkmenbaşy ş.)

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: H.Abdiýazow (Daşoguz ş.), Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)

Duşuşygyň komissary: H.Ataniýazow (Aşgabat ş.)

Ýaryş tertibi:

T/bToparlarOÝDUTU
1.«Ahal»43109-310
2.«Şagadam»32108-47
3.«Altyn Asyr»42029-86
4.«Köpetdag»20203-32
5.«Merw»20114-61
6.«Aşgabat»20111-31
7.«Nebitçi»20110-21
8.«Energetik»30121-61
Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.