“Ahal” birinji aýlawy ýeňiş bilen tamamlady
19 Noýabr, 2021 ý.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 7-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.

Bu tapgyryň çäginde Maryda ýerli “Merw” bilen “Ahal” toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşyk deňlikde (1:1) tamamlandy.

Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda hem “Aşgabat” bilen “Şagadam” deňme-deň (1:1) oýnadylar.

Balkanabatda myhmançylykda çykyş eden “Altyn Asyr” topary ýerli “Nebitçini” 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etmegi başardy.

“Köpetdag” öz meýdanynda “Energetigi” 4:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Şeýlelikde, geçirilen oýunlardan soň 17 utuk toplan “Ahal” futbol çempionatymyzyň birinji aýlawyny ýeňiş bilen tamamlady. Ikinji, üçünji orunlary degişlilikde “Altyn Asyr” bilen “Şagadam”toparlary eýeleýärler.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 8-nji tapgyrynyň duşuşyklary 26-njy noýabrda geçiriler: “Merw” – “Şagadam”, “Nebitçi” – “Ahal”, “Energetik” – “Altyn Asyr”, “Aşgabat” – “Köpetdag”.

7-nji tapgyryň duşuşyklary:
“Aşgabat” – “Şagadam” – 1:1
Gollar: 15 Gurbangeldi Sähedow (“Aşgabat”) – 57 Kerim Hojaberdiýew (“Şagadam”)
Duýduryş: 72 Mekan Aşyrow (“Şagadam”)
Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň emini: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: M.Öwezdurdyýew (Mary ş.)
Duşuşygyň komissary: R.Japarow (Aşgabat ş.)

“Nebitçi” – “Altyn Asyr” – 1:2
Gollar: 23 Alibek Abdyrahmanow (“Nebitçi”) – 27 Begmyrat Baýow, 34 Merdan Muhadow (“Altyn Asyr”)
Duýduryşlar: 59 Güýçmyrat Annagulyýew, 75 Begmyrat Baýow, 89 Berdimyrat Rejepow (“Altyn Asyr”)
Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)
Duşuşygyň emini: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)
Kömekçi eminler: Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)
Ätiýaçdaky emin: A.Annamyradow (Balkanabat ş.)
Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň komissary: H.Atanyýazow (Aşgabat ş.)

“Köpetdag” – “Energetik” – 4:1
Gollar: 8 Bagtyýar Gürgenow, 12 Begenç Akmämmedow, 72 Elýas Akyýew, 90+3 Ýagşysähet Döwletgeldiýew (“Köpetdag”) – 55 Garly Garlyýew (“Energetik”)
Duýduryşlar: 38 Ýazgylyç Gurbanow, 70 Batyrgylyç Berdiýew, 90+1 Yhlas Saparmämmedow (“Köpetdag”) – 31 Serdar Annamämmedow, 59 Ruslan Priýew, 62 Silapberdi Goşşanow, 90+1 Muhammet Işangulyýew (“Energetik”)
Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň emini: R.Ereşow (Türkmenabat ş.)
Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.)
Duşuşygyň komissary: B.Nurmyradow (Aşgabat ş.)

“Merw” – “Ahal” – 1:1
Gollar: 88 Amangeldi Saparow (“Merw”) – 3 Arslanmyrat Amanow (11 m.j.u.) (“Ahal”)
Duýduryşlar: 31 Maksat Atagarryýew, 84 Mukam Nazzyýew (“Merw”) – 12 Ybraýym Mämmedow, 28 Abdy Bäşimow, 77 Hoşgeldi Hojowow (“Ahal”)
Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Mary ş.)
Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), E.Annamyradow (Balkanabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Ýolöten ş.)
Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)
Duşuşygyň komissary: G.Kanaýew (Aşgabat ş.)

Ýaryş tertibi:

T/bToparlarOÝDUTU
1.«Ahal»752017-517
2.«Altyn Asyr»750215-1115
3.«Şagadam»742115-1014
4.«Köpetdag»714211-117
5.«Nebitçi»71333-76
6.«Aşgabat»71338-116
7.«Merw»713311-156
8.«Energetik»71156-164
Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.