“Ahal” AFK-nyň Kubogynyň sebitleýin finalynda “Nasaf” bilen duşuşar
19 Awgust, 2021 ý.

Türkmenistanyň wise-çempiony “Ahal” topary AFK-nyň Kubogy – 2021-iň Merkezi Aziýa sebitiniň finalynda Özbegistanyň “Nasaf” topary bilen duşuşar. Bu toparlaryň arasyndaky final oýny bir duşuşykdan ybarat bolup, ol 25-nji awgustda Özbegistanyň Garşy şäherinde geçiriler. Bu duşuşyk Aşgabat wagty bilen 20:00-da başlanar.

Bu duşuşygyň ýeňijisi AFK-nyň Kubogynyň interzonal finalynda güýç synanyşmaga hukuk gazanar.

“Ahal” bilen “Nasaf” toparlarynyň mundan öň özaralarynda duşuşyk geçirmändiklerini bellemek gerek. Mundan başga, “Ahal” AFK-nyň Kubogynda özbek toparlary bilen ilkinji duşuşygyny geçirer.

Ýeri gelende bellesek, “Nasaf” AFK-nyň Kubogynda ýeňiş gazanan ýeke-täk özbek klubudyr.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.