AFK-nyň Kubogy – 2021: “Ahalyň” geçirjek oýnunyň eminleri belli boldy
24 Awgust, 2021 ý.

FIFA-nyň emini Muhamed Hled Al Hoişiň ýolbaşlygyndaky saud arabystanyly eminler topary “Ahalyň” AFK-nyň Kubogy – 2021-iň Merkezi Aziýa sebitiniň finalynda Özbegistanyň “Nasaf” topary bilen geçirjek duşuşygynda eminlik ederler.

Garşy şäherinde geçiriljek duşuşykda Al Hoişe ildeşleri Abdulrahim Habib Alşammari hem-de Ýasir Abdulla Alsultan kömek ederler. Ätiýaçdaky eminiň wezipesini Halid Saleh Alturais ýerine ýetirer.

Duşuşygyň gözegçi emini Hussain Gadanferi (Kuweýt), komissary Dawlatmand Islomow (Täjigistan) bolar.

Ýeri gelende bellesek, 34 ýaşly Al-Hoiş Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Dünýä çempionaty – 2022-niň saýlama tapgyrynyň çäginde myhmançylykda Şri-Lankanyň ýygyndy toparynyň garşysyna geçiren duşuşygynda eminlik edipdi. 2019-njy ýylyň 5-nji sentýabrynda geçirilen şol duşuşykda ýurdumyzyň ýygyndy topary 2:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Şol oýunda ýygyndy toparymyza ýeňiş getiren toplary Wahyt Orazsähedow bilen Arslanmyrat Amanow öz atlaryna ýazdyrypdylar.

Türkmenistanyň wise-çempiony “Ahal” toparynyň AFK-nyň Kubogy – 2021-iň Merkezi Aziýa sebitiniň finalynda Özbegistanyň “Nasaf” topary bilen duşuşýandygyny ýatladýarys.

Bu toparlaryň arasyndaky final oýny bir duşuşykdan ybarat bolup, ol 25-nji awgustda Özbegistanyň Garşy şäherinde geçiriler. Bu duşuşyk Aşgabat wagty bilen 20:00-da başlanar.

Bu duşuşygyň ýeňijisi AFK-nyň Kubogynyň interzonal finalynda güýç synanyşmaga hukuk gazanar.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.