29-njy oktýabrda “Sport” teleýaýlymynda «Ýaşyl meýdança» gepleşiginiň nobatdakysy görkeziler
28 Oktýabr, 2021 ý.

29-njy oktýabrda Türkmenistanyň “Sport” teleýaýlymy bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hünärmenleriniň bilelikde taýýarlan “Ýaşyl meýdança” gepleşiginiň nobatdakysy ýaýlyma goýberiler.

Onuň dowamynda  ýakynda ýaýbaňlanan Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ilkinji duşuşyklary barasynda giňişleýin gürrüň ediler. Mundan başga-da, ýurdumyzyň Kubogy hem-de Naýbaşy Kubogy hakynda hem pikir alşylar.

Şeýle-de, gepleşigiň dowamynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hem-de tff.com.tm saýtynyň alyp barýan işleri hakynda hem durlup geçiler.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.