25-nji noýabrda «Ýaşyl meýdança» gepleşigi ýaýlymda görkeziler
24 Noýabr, 2021 ý.

25-nji noýabrda Türkmenistanyň “Sport” teleýaýlymy bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hünärmenleriniň bilelikde taýýarlan “Ýaşyl meýdança” gepleşiginiň nobatdakysy ýaýlyma goýberiler.

Onuň dowamynda  Türkmenistanyň futbol çempionatynyň duşuşyklary barasynda giňişleýin gürrüň ediler.

Şeýle-de, gepleşigiň dowamynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hem-de tff.com.tm saýtynyň alyp barýan işleri hakynda hem durlup geçiler.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.