Şu gün, 29-njy noýabrda ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 23-nji tapgyrynyň çäginde duşuşyklaryň üçüsi geçirildi.
Mary şäherinde geçirilen duşuşykda ýerli toparlar «Merw» bilen «Energetik» özara güýç synanyşdylar. Bu duşuşykda döreden mümkinçiliklerini ýerlikli peýdalanan «Merw» 4:2 hasabynda ýeňiş gazandy. Gazanan bu ýeňşinden soň utugyny 39-a ýetiren «Merw» üçünji orny eýelemegini dowam edýär. 15 utugy bolan «Energetik» ýedinji orunda galdy.
Paýtagtymyzda geçirilen duşuşyk «Köpetdag» «Aşgabady» kabul etdi. Bu duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy. 32 utuk toplan «Köpetdag» dördünji, 24 utugy bolan «Aşgabat» bolsa altynjy orunlary eýeleýärler.
Türkmenbaşy şäherinde ýerli «Şagadam» topary «Nebitçiden» 4:1 hasabynda üstün çykmagy başardy. 31 utugy bolan «Şagadam» bäşinji orunda, «Nebitçi» bolsa 10 utugy bilen iň soňky, sekizinji orunda barýar.
Futbol çempionatymyzyň 23-nji tapgyry 30-njy noýabrda «Ahal» bilen «Altyn Asyr» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bilen tamamlanar. Bu duşuşyk paýtagtymyzdaky «Nusaý» stadionynda geçiriler.
23-nji tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri:
«Merw» – «Energetik» – 4:2
Gollar: 15, 36 (11 m.j.u.), 72 Alibek Abdyrahmanow, 22 Orazberdi Myradow («Merw») – 34 Begenç Alamow (öz derwezesine), 61 Ruslan Priýew («Energetik»)
Duýduryşlar: 90+5 Amangeldi Saparow («Merw») – 27 Serdar Annamämmedow, 35 Ruslan Priýew («Energetik»)
Geçirilen ýeri: «Sport toplumy» stadiony (Mary ş.)
Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), N.Garajaýew (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: R.Isaýew (Mary ş.)
Gözegçi emin: Ş.Durdyýew (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň komissary: R.Japarow (Aşgabat ş.)
«Köpetdag» – «Aşgabat» – 1:1
Gollar: 69 (11 m.j.u.) Begenç Akmämmedow («Köpetdag») – 60 Merdan Muhadow («Aşgabat»)
Duýduryşlar: 36 Ýazgylyç Gurbanow («Köpetdag») – 24 Döwran Berdiýew, 30 Pirmyrat Sultanow, 31 Agajan Altyýew, 68 Begmyrat Pirkulyýew, 90+1 Baýjan Satlykow, 90+3 Rahym Baltaýew, tälimçi («Aşgabat»)
Meýdandan çykarylanlar: 43 Şamämmet Hydyrow («Köpetdag») – 43 Pirmyrat Sultanow («Aşgabat»)
Geçirilen ýeri: «Köpetdag» stadiony (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.), A.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň komissary: H.Ataniýazow (Aşgabat ş.)
«Şagadam» – «Nebitçi» – 4:1
Gollar: 7 Yhlas Magtymow, 18 Mekan Aşyrow, 27, 44 Kerim Hojaberdiýew («Şagadam») – 90+2 (11 m.j.u.) Serdar Tukiýew («Nebitçi»)
Duýduryşlar: 81 Elýas Akyýew, 90 Resul Mahmydow, Baýramgeldi Nurlyýew, oýundan soň («Şagadam»)
Geçirilen ýeri: «Şagadam» stadiony (Türkmenbaşy ş.)
Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: A.Annamyradow (Balkanabat ş.)
Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň komissary: A.Mämmetgulyýew (Aşgabat ş.)
Çempionatyň tablisasy:
T/b | Toparlar | O | Ý | D | U | T | U |
1. | «Ahal» FK | 22 | 19 | 3 | 0 | 70-13 | 60 |
2. | «Altyn Asyr» FK | 22 | 14 | 7 | 1 | 37-11 | 49 |
3. | «Merw» FK | 23 | 12 | 3 | 8 | 36-31 | 39 |
4. | «Köpetdag» FK | 23 | 10 | 2 | 11 | 37-37 | 32 |
5. | «Şagadam» FK | 23 | 9 | 4 | 10 | 37-33 | 31 |
6. | «Aşgabat» FK | 23 | 7 | 3 | 13 | 25-34 | 24 |
7. | «Energetik» FK | 23 | 4 | 3 | 16 | 16-51 | 15 |
8. | «Nebitçi» FK | 23 | 3 | 1 | 19 | 26-74 | 10 |