12-nji noýabrda «Ýaşyl meýdança» gepleşiginiň nobatdakysy görkeziler
11 Noýabr, 2021 ý.

12-nji noýabrda Türkmenistanyň “Sport” teleýaýlymy bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hünärmenleriniň bilelikde taýýarlan “Ýaşyl meýdança” gepleşiginiň nobatdakysy ýaýlyma goýberiler.

Onuň dowamynda  Türkmenistanyň futbol çempionatynyň duşuşyklary barasynda giňişleýin gürrüň ediler.

Şeýle-de, gepleşigiň dowamynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hem-de tff.com.tm saýtynyň alyp barýan işleri hakynda hem durlup geçiler.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.