Baş baýrak “Aşgabatda”

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherinde geçirilen futzal boýunça zenanlaryň arasyndaky Türkmenistanyň çempionatynda “Aşgabat” topary ýeňiji boldy. Ýeňijisi bir aýlawda kesgitlenen çempionatyň soňky, 7-nji tapgyrynda “Aşgabat” “Talyp sport” topary bilen duşuşdy. Bu duşuşykda döreden mümkinçiliklerini netijeli urgulara öwürmegi başaran Kamil Mingazowyň tälim berýän “Aşgabat” topary 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy. 15 utuk toplan “Talyp sport” çempionaty ikinji hatarda tamamlady.

Çempionatyň netijesi boýunça hormat münberiniň üçünji basgançagyna “Mary” topary çykmagy başardy.

Ýeňiji bolanlara baýraklary Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Futzal bölüminiň başlygy Guwanç Kanaýew gowşurdy.

Iň köp top geçirenleriň bäsleşiginde netijeli urgularyň 21-sini geçiren Mariýa Çaryýewa (“Aşgabat”) öňdeligi eýeledi. “Talyp sport” toparynyň derwezeçisi Malika Eminowa “Iň ökde derwezeçi” diýlip saýlanyldy.

“Mary” toparynyň oýunçysy Läle Haýypowa çempionatyň iň ökde oýunçysyna gowşurylýan baýraga mynasyp görüldi.

VII tapgyryň netijeleri:

Oýun 19“Ahal”“Mary”2:5
Oýun 20“Balkan”“Lebap”-:+
Oýun 21“Talyp sport”“Aşgabat”1:2
Dynç güni – “Daşoguz”

Ýaryş tertibi:

T/bToparlarOÝDUTU
1.“Aşgabat”660060-118
2.“Talyp sport”650145-115
3.“Mary”640231-1112
4.“Lebap”640219-79
5.“Ahal”620414-296
6.“Daşoguz”61058-623
7.“Balkan”60061-590

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.