Türkmenistanyň futbol birinjiliginiň ikinji aýlawynyň jemi jemlendi

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 10-njy tapgyrynyň wagty süýşürilen duşuşygy bilen Ikinji aýlawyň jemi jemlendi.

Türkmenbaşy şäherinde geçirilen bu duşuşykda ýerli “Şagadam” bilen “Ahal” toparlary duşuşdylar. Ikitaraplaýyn hüjümlerde geçen duşuşyk 3:2 hasabynda “Ahalyň” peýdasyna tamamlandy.

Gazanan bu ýeňşinden soň 26 utuk toplan “Ahal” ýaryş tertibinde üçünji basgançaga geçmegi başardy. 7 utugy bolan “Şagadam II” toparynyň ýaryş tertibinde 6-njy orny eýeleýändigini ýatladýarys.

Ýeri gelende bellesek,geçirilen duşuşyklardan soň, 39 utugy bolan «Altyn Asyr II» topary futbol birinjiliginiň birinji ýarymyny ýokarky orunda tamamlady. Ikinji orny 30 utuk toplan «Köpetdag II» topary eýeleýär.


10-njy tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy:

«Şagadam II» – «Ahal II» – 2:3

Gollar: 40 Alparslan Ataýew, 90 Begenç Gylyçnyýazow («Şagadam II») – 56 Agageldi Täçmämmedow, 72 Orazgeldi Seýidow, 77 Nepesmyrat Lallakpow («Ahal II»)

Çempionatyň tablisasy:

T/bToparlarOÝDUTU
1.«ALTYN ASYR II»14130163-1139
2.«KÖPETDAG II»14100437-2130
3.«AHAL II»1482425-2326
4.«NEBITÇI II» 1474328-2625
5.«MERW II»1441922-4313
6.«ENERGETIK II»14401015-3512
7.«AŞGABAT II»1432923-2911
8.«ŞAGADAM II»14211116-417
Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.