«Altyn Asyr» bäşinji gezek Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary möwsümiň dowamynda çempionatymyzdakydyr, Naýbaşy Kubogynda gazanan ýeňişleriniň üstüne Kubok bäsleşigindäki ýeňşi bilen goşant goşdy.

Ýazguly Hojageldiýewiň tälim berýän topary şu gün “Aşgabat” stadionynda geçirilen aýgytlaýjy duşuşykda “Köpetdagy” ýeňlişe sezewar etmegi başardy.

Bu duşuşygyň esasydyr, goşmaça wagtlary 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Duşuşygyň 12-nji minutynda “Köpetdagyň” ýarym goragçysy Şiri Annaýew hasaby açmagy başardy. “Altyn Asyra” deňlik getiren goly oýnuň 69-njy minutynda Zafar Babajanow öz adyna ýazdyrdy. Oýundan soňky bellenen 11 metrlik urgularda “Altyn Asyr” 3:0 hasabynda üstün çykdy.

Şeýlelikde, “Altyn Asyr” kubok ugrundaky bäsleşiklerdäki bäşinji ýeňşini gazanmagy başardy.

“Altyn Asyr” toparynyň mundan öň 2009-njy, 2015-nji, 2016-njy hem-de 2019-njy ýyllarda ýurdumyzyň Kubok bäsleşiginde ýeňşini baýram edendigini ýatladýarys.

Ýeňiji bolan topara baýraklary Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Baş sekretary Arslan Aýnazarow gowşurdy.

Türkmenistanyň Kubogynyň final duşuşygy:

“Altyn Asyr” – “Köpetdag” – 1:1 (goş.w. 1:1; 11 m.j.u 3:0)

Gollar: 12 Şiri Annaýew, 11 m.j.u. (“Köpetdag”) – 69 Zafar Babajanow (“Altyn Asyr”)

Oýundan soňky 11 metrlik urgular:

[x] Serdar Baýramow (“Köpetdag”) – 0:0

[v] Berdimyrat Rejepow (“Altyn Asyr”) – 1:0

[x] Ibragim Mämmedow (“Köpetdag”) – 1:0

[v] Mekan Saparow (“Altyn Asyr”) – 2:0

[x] Meýlis Diniýew (“Köpetdag”) – 2:0

[v] Resul Hojaýew (“Altyn Asyr”) – 3:0

Duýduryşlar: 10 Welmyrat Ballakow, 11 Mekan Saparow, 17 Berdimyrat Rejebow, 73 Mihail Titow (“Altyn Asyr”) – 25 Yhlas Saparmämmedow, 39 Elýas Akyýew, 72 Resul Çaryýew, 86 Ýakup Maksatow, 94 Ibragim Mämmedow, 97 Şiri Annaýew, 102 Batyrgylyç Berdiýew (“Köpetdag”)

Meýdandan çykarylan: 106 Zafar Babajanow (“Altyn Asyr”)

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: Akmyrat Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Pälwan Pälwanow (Daşoguz ş.), Ahmet Begnazarow (Mary ş.)

Ätiýaçdaky emin: Jumamyrat Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: Allabergen Sapaýew (Daşoguz ş.)

***

Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşik her ýyl geçirilip, oňa ýurdumyzyň futbol toparlary gatnaşýarlar. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan geçirilýän bu bäsleşiň ýeňijisi geljek ýylda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ýeňijisi bilen Naýbaşy Kubogyna gatnaşmaga mümkinçilik alýar. Türkmenistanyň Kubogynyň göçme Kubokdygyny ýatladýarys.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.