Futzal boýunça Aziýa çempionatynyň nobatdakysy 2022-nji ýylda Kuweýtde geçiriler.

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy 2022-nji ýylda geçiriljek Aziýanyň futzal çempionatynyň geçiriljek ýerini mälim etdi. Gelnen netijä laýyklykda yklym ýaryşy 2022-nji ýylyň 25-nji sentýabry bilen 20-nji oktýabry aralygynda Kuweýtde geçiriler. Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklary 2022-nji ýylyň 1-15-nji apreli aralygynda geçiriler.

Futzal boýunça Aziýa çempionaty Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) tarapyndan her iki ýyldan bir gezek geçirilýär. Çempionatyň final tapgyrynda ýygyndylaryň 16-sy çykyş edýär. Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrynda AFK-nyň Merkezi sebitinde çykyş eder.

Eýranyň milli ýygyndysy Aziýa çempionatynyň hereket edýän ýeňijisidir. Bu ýygyndy yklym ýaryşynyň altyn medalyny 2018-nji ýylda gazanmagy başarypdy.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.