Ýylyň iň ökde oýunçysy
14 Fewral, 2022 ý.

«Ahal» toparynyň ýarym goragçysy Elman Tagaýewiň tamamlanan futbol möwsüminiň jemi boýunça «Iň ökde oýunçy» diýlip yglan edilendigi we onuň çempionatda geçiren 10 goly bilen iň köp pökgi geçiren oýunçylaryň arasynda hem öňdeligi eýeländigi, elbetde, janköýerlere mälim maglumatlar. Biz, ine, şol janköýerleriň ençemesiniň haýyşy boýunça hem «Ahalyň» netijeli çykyş etmeginde aýratyn yhlas görkezen bu futbolçy bilen ýörite söhbetdeşlik taýýarladyk.

— Elman, ilki bilen seni geçen möwsümde gazanan şahsy üstünlikleriň bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

— Köp sag boluň!

— Söhbetdeşligimiziň başyny bolsa doglan, kemala gelen ýeriň, futbol atly jadyly oýundaky ilkinji ädimleriň hakyndaky gürrüň bilen başlaýsak!

— Men Serdar şäherinde doguldym. Ýörjen-ýörjen bolup başlan günlerimdenem esasy güýmenjäm top boldy diýsem, ýalňyşmasam gerek. Alty ýaşymdakam köçede futbol oýnaýşyma göwünleri ýetip, özümden uly oglanlar meni Balyş mugallym ady bilen tanalýan tälimçiniň ýanyna alyp gitdiler. Ol hem meniň oýnaýşymy halap, şondan soň köp zatlary öwredip, terbiýe berdi. Balyş mugallyma men hemişe minnetdar.

— Professional futbolçy hökmünde çykyş edip ugramazyňdan ozal haýsy toparlarda kämillik ýoluny geçdiň?

— Paýtagtymyzdaky «Olimp» orta sport mekdebinde okaýarkam Amangylyç Koçumowyň elinde türgenleşdim, hut şol ýerdekämem köp ýaryşlara gatnaşmak nesibämde eken. Bu halypamyň türgenleşdirmeginde Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň düzüminde-de birnäçe halkara ýaryşlara gatnaşmak miýesser edipdi.

         — Uly futbolda çykyş eden toparlaryň ählisi barada gysgaça durup geçäýseň?

— Uly futboldaky ýoluma 2006-njy ýylda «Köpetdagda» gadam basdym. 2007 — 2009-njy ýyllarda Aşgabadyň «Arwana» futzal toparynda çykyş etdim. 2010 — 2012-nji ýyllarda «Aşgabat» toparynyň ýeňişlerine öz goşandymy goşmak üçin yhlasymy gaýgyrmadym. 2012-nji ýylda Azerbaýjanyň «Azal» toparynyň hataryna goşuldym. 2013 — 2014-nji ýyllarda ýene-de «Aşgabadyň» düzüminde oýnadym. 2014 — 2016-njy ýyllarda «Altyn Asyrda» çykyş etmek nesibämde eken. 2016-njy ýylda Özbegistanyň «Andižan» toparynda oýnap, 2017-nji ýylda ýene-de «Altyn Asyra» gaýdyp geldim. 2017 — 2018-nji ýyllaryň futbol möwsüminde Azerbaýjanyň «Sabail» toparynda, 2019-njy ýylda Özbegistanyň «Nowbahorynda» öz güýjümi görkezmek miýesser etdi. 2019-njy ýyldan bäri hem «Ahalda» oýnaýaryn.

— Elman, daşary ýurtlaryň çempionatlarynda oýnandygyň hakynda ýaňy aýdyp geçdiň. Azerbaýjanda çykyş eden döwürleriň seniň gatnaşýan her bir duşuşygyňa sabyrsyzlyk bilen garaşyp, teleýaýlym arkaly tomaşa ederdik. Daşary ýurtlarda haýsy çempionat sende has uly täsir galdyrdy?

— Özbegistanyň Namangan şäheriniň «Nowbahor» toparynda oýnaýarkam iň kän we gowy gören janköýerlerim bize goldaw berdi. Her duşuşyga pesinden 30 müň töweregi janköýer gelýärdi, çempionatyň soňuna çenlem öz söýgüli toparyny, ýagny «Nowbahory» goldaýardylar.

— Ýurdumyzyň milli futbol çempionatynda hem-de milli ýygyndymyzyň düzüminde geçiren ilkinji toplaryň ýadyňa düşýändir-le?

— Elbetde, çempionatdaky ilkinji golumy «Bagtyýarlyk-Lebap» toparynyň derwezesinden geçirdim. Men şol wagt «Aşgabat» toparynda oýnaýardym we 4:2 hasabynda tamamlanan bu duşuşykda iki topy öz adyma ýazdyrypdym.

         Türkmenistanyň milli ýygyndysyna bolsa meni ilkinji gezek Ýazguly Hojageldiýew çagyrdy. Nepal döwletinde geçen AFK-nyň Çagyryş Kubogy ugrundaky ýaryşda hem ýer eýeleriniň derwezesine milli ýygyndymyzdaky ilkinji golumy geçirmek başardypdy.

— Professional futbol ýoluňda iň ýatdan çykmajak oýnuň we goluň hökmünde haýsylary mysal getirip biljek?

— Munuň ikisi babatda hem bir duşuşygy mysal getiresim gelýär. Baku şäheriniň «Sabail» toparynda oýnaýarkam şol şäheriň «Neftçi» topary bilen duşuşypdyk we 1:0 hasabynda-da ýeňiş gazanypdyk. Şol oýnuň esasy wagtynyň tamamlanmagyna 1 minut galanda maňa owadan urgy bilen topy derwezäniň burçundan geçirmek miýesser edipdi.

— Milli futbol çempionatymyzyň geçen möwsüminden galan täsirler?

— Bilşimiz ýaly, çempionat iki aýlawdan ybarat boldy, biz bolsa ikinji orny eýeledik. 1-nji aýlawda hiç bir topara ýeňilmän üstünlikli çykyş etdik. 2-nji aýlawda bolsa şowsuz oýun görkezip, ýitiren utuklarymyz biziň çempionlygy gazanmagymyza päsgel berdi. Çempionatda 10 gol geçirdim, Kubok ýaryşynda 1 goly öz adyma ýazdyrdym. Kubok ugrundaky ýaryşyň finalynda oýnadyk. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogyny eýelemek ugrundaky ýaryşyň finalynda bolsa «Merwi» 1:0 hasabynda ýeňdik.

— Elman, «Ahal» geçen möwsümde halkara ýaryşynda hem çykyş etdi. Bu bäsleşikden galan täsirler hakynda-da aýdaýsaň?

— Hawa, geçen 2021-nji ýylda Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşda «E» toparçada çykyş etdik. Toparçamyzyň Gyrgyz Respublikasynda geçen oýunlarynda ýerli «Dordoýy» 2:0 hasabynda, Täjigistanyň «Rawşan» toparyny 3:1 hasabynda ýeňip, toparçadan öňbaşçy bolup, indiki tapgyra çykdyk. Merkezi Aziýanyň sebitleýin bäsleşiginiň final duşuşygynda Özbegistanda ýerli «Nasaf» topary bilen duşuşyp, 2:3 hasabynda ýeňildik. Maňa bolsa üç oýunda topardaşlarymyň kömegi bilen 5 goly geçirmek başartdy. Elbetde, ýaryşdan gowy täsirler galdy, ýöne bu oýunlaryň geljekde has-da üstünlikli çykyş etmek üçin gowy tejribe bolandygynam aýdasym gelýär.

— «Ahala» şu ýyl has uly synag garaşýar. Toparyňyz öz taryhynda ilkinji gezek yklymyň klublaryň arasyndaky iň uly ýaryşynda — Aziýanyň Çempionlar ligasynda çykyş eder. «С» toparçasyndaky garşydaşlaryňyz hakynda nämeleri aýdyp biljek?

— Toparçamyzdaky garşydaşlarymyz, aýdylyşy ýaly, bir-birinden güýçli toparlar. Eýranyň «Fulad» topary geçen ýyl ýurdunyň çempionatynda üçünji orny eýeläpdir. Birleşen Arap Emirlikleriniň «Şabab Al-Ahli Dubaý» topary bolsa çempionatyň bürünç medalynyň eýesi bolupdyr. Bu toparyň 2015-nji ýylda Aziýanyň Çempionlar ligasynyň finalyna çykmagynyň özem onuň näderejede kämil topardygyny kemsiz subut edýär. Şu ýyl futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljek ýeri bolan Kataryň «Al-Garafa» topary geçen möwsümi 4-nji orunda tamamlapdyr. Garşydaşlarymyz näçe güýçli bolsa-da, biz ýurdumyzyň sport abraýyny halkara derejede goramak üçin ähli güýç-gaýratymyzy, başarnygymyzy, tejribämizi orta goýarys.

— Elman, söhbetdeşlik üçin sag boluň, sportda-da, durmuşda hem diňe üstünlikleriň, gowulyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

— Sag boluň!

Söhbetdeş bolan Hezret HOJAGULYÝEW,
sport synçysy.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.