Ýazguly Hojageldiýew: «Çempionatymyzda ýeňil garşydaş, aňsat oýun ýok»
02 Dekabr, 2021 ý.

Futbol boýunça Türkmenistanyň ýokary ligasynyň 9-njy tapgyry jemlendi. Tapgyryň merkezi oýny 30-njy noýabrda «Ahal» bilen «Altyn Asyryň» arasynda geçirlip, oýun 2:1 hasabynda «aragatnaşykçylaryň» peýdasyna tamamlandy. Oýundan soň «Altyn Asyr» toparynyň baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň pikirleri bilen gyzyklandyk.

– Ýazguly, siz «Ahal» bilen 1-nji aýlawdaky oýunda 1:3 hasabynda ýeňlişe sezewar bolupdyňyz. Bu gezek möhüm ýeňşi gazandyňyz we ýaryş tertibinde 1-nji orna geçmegi başardyňyz. Ozalky oýunda size näme ýetmedi ýa-da bu oýundaky artykmaçlygyňyz hakynda aýdaýsaňyz?
– Birinji aýlawda şikesli futbolçylarym bardy, üstesine ýaşlar ýygyndymyzyň düzüminde çykyş edýän esasy futbolçylarymyz hem bize kömek edip bilmändi. Galyberse-de, çempionatyň başynda futbolçylara öz başarnyklaryny doly görkezmek kyn düşýär, soňky tapgyrlarda bolsa köp zat ýerli-ýerine gelýär.

– Şu oýunda futbolçylar siziň tabşyrygyňyzy doly ýerine ýetirdilermi, ýa-da üstün çykandygyňyza garamazdan, oýundan kanagatlanmadyk ýeriňiz boldumy?
– Esasy zat ýeňiş gazanmakdy. Futbolçylarym ony başardylar. Dogry, entek üstümizde işlemeli ýerlerimiz bar, ýöne hemme zat ýuwaş-ýuwaşdan ýola düşýär diýesim gelýär.

– Oýnuň gahrymany hökmünde bir futbolçyny agzamaly bolsa kimi agzarsyňyz, meselem meniň özüm Ahmet Ataýewi oýnuň iň ökde oýunçysy hasap etdim!
– Men siz bilen ylalaşýaryn, Ahmet gowy oýnady, ol kapitan hökmünde öz etmeli işini edip, oýny gurnamakda esasy wezipäni ýerine ýetirdi.

– Öňüňizde «Şagadam» hem bardyr. Olaram aňsat garşydaş däl.
– Çempionatymyzda ýeňil garşydaş, aňsat oýun ýok, ýöne göreşmeli. Biziň maksadymyz her oýunda ýeňiş gazanmak, galanam nesibe işidir.

– Beren gürrüňiňiz üçin köp sag boluň! Size üstünlik arzuw edýärin!
– Sizem sag boluň!

Merdan BAÝAT, sport synçysy.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.