Usman Toşew: “Türkmenistanda futboly ösdürmekde ähli mümkinçilikler bar”
08 Noýabr, 2022 ý.

Häzirki wagtda paýtagtymyzda Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň bilelikde guramagynda “A” derejeli ygtyýarnamany almak ugrunda AFK-nyň tälimçilik kursunyň birinji tapgyry dowam edýär.

“Aşgabat” köpugurly stadionynda geçirilýän tälimçilik kursunyň gözükdirijisi hökmünde FIFA-nyň hem-de AFK-nyň gözükdirijisi özbegistanly hünärmen Usmon Toşew çykyş edýär. Tejribeli hünärmeniň mundan öň hem paýtagtymyzda bolup, bu ugurda saldamly işleri geçirendigini bellemek gerek. Şonuň bilen bagly tejribeli futbol hünärmeni bilen geçirilýän okuw ýygnanyşygyny barada söhbetdeş bolduk.

– Ilki bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan iberilen çakylyk üçin sag bolsunymy aýdasym gelýär. Çakylyk gelen dessine ony höwes bilen kabul etdim. Meniň bu gözel künjege bolan iň soňky saparym 2016-njy ýylda bolup geçipdi. Şonda men AFK-nyň “B” derejeli ygtyýarnamasyny okatmak üçin gelipdim. Tüweleme gözel Aşgabat söz bilen beýan ederden bärden gaýdýar. Gün-günden gözelleşýän paýtagtyňyzyň her bir gurluşy täsin galdyrýar. Bu hakykatdan hem şeýle. Ýurduňyzyň futbol hünärmenlerinden başlap, tälimçilerine çenli golaýdan tanaýaryn. Olaryň arasynda bir döwürler futbol oýnanlarym hem bar. Örän zehinli hünärmenleriňiz bar. Bir mysaly orta atdygyň bolany, onuň birnäçe çözgüdini tapmaga çalyşýarlar. Nesip bolsa şu ýylyň 1-12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek “A” derejeli ygtyýarnamany almak ugrunda AFK-nyň tälimçilik kursunyň ikinji tapgyryny hem özüm geçirmekçi bolýaryn.

Şu geçirilýän okuw sapaklaryna dogry düşünmek gerek. Ol türkmen futboluny ösdürmekde uly mümkinçilik berýär. Tälimçilik sapaklarynyň nähili geçirilýändigi köpleri gyzyklandyrýan bolsa gerek. Ilki bilen-ä, ýerli futbol federasiýasyndan AFK teklip gelip gowuşýar. Olardan gelen haýyşnamada ilki “С”, soňra “B”, iň soňunda bolsa “A” derejeli ygtyýarnamany okatmak baradaky teklip gelýär. Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy hem bu ugurda köp işleri geçirip ýörite gözükdirijini belleýär. Olaryň bu gezekki nazary mende saklandy. Özüm 2009-njy ýyldan bäri şular ýaly okuwlary geçirip gelýärin. Bu ugurda ýeterlik tejribämiň bardygyny aýdasym gelýär. Men şol bir wagtda FIFA-nyň hem-de AFK-nyň gözükdirijisiniň wezipesini ýerine ýetirýärin.

Köp döwletde boldum. Beýleki ýurtlaryň tälimçileri bilen türkmenistanly tälimçileri deňeşdirmeli bolsa, onda siziň tälimçileriňiz bilen işlemek örän gyzykly. Olar işlerine döredijilikli çemeleşýärler. Ýöne bu ugurda öňe gidişligi gazanmak isleseňiz onda daşary döwletlerde geçirilýän halkara maslahatlaryna köp gatnaşmaly, olary ýurduňyza çagyryp durmaly. Diňe ikitaraplaýyn geçirilýän gürrüňdeşlikler, çekeleşmeler netije gazanmakda giň gapylary açýar. Ýakynda “Ahalyň” AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky, “Altyn Asyryň” AFK kubogyndaky, 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndy toparyňyzyň yklym ýaryşyndaky görkezen oýny meni örän täsirlendirdi. Şonuň üçin bu ugurdaky ädimler netije gazanmakda uly mümkinçilik berýär.

Aslynda, men türkmen futboly bilen 1989-njy ýylda bäri tanyş diýsem hakykatdan daş düşmerin. Ýadyma düşýär, şol ýyllar çykyş edýän toparlarym bilen Aşgabatda, Maryda bolup “Köpetdag” “Merw” toparlarynyň garşysyna duşuşyklary geçirerdik. Men şonda “Buhara” toparynda çykyş edýärdim. Şol wagtlar hem mende türkmen futboly hakynda gowy ýatlamalar galypdy.

Okuwy geçirmek maksady bilen Aşgabada gelen günümiň ertesi Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçysy hem-de Baş sekretary bilen duşuşdym. Futbol babatynda köp pikir alyşdyk. Özbegistana gelip görmegi teklip etdim. Biziň futbolumyzdaky ýetilen sepgitler bilen paýlaşmagy maslahat berdim. Umuman pikir alşyp, geljekdede ikitaraplaýyn gatnaşyklary saklamak baradaky gyzykly gürrüňleri etdik.

Häzirki geçirýän okuwymyz hakynda aýtsam, sapaga başlan ilkinji günümizden irden nazaryýet sapaklaryny geçirýäris. Günortandan soň bolsa kagyz ýüzündäki belliklerimizi meýdanda durmuşa geçirmäge synanyşýarys. Dünýä derejesindäki stadionyňyz bolan “Aşgabat” köpugurly stadionynda geçirýän sapaklarym diňe maňa däl eýsem gatnaşyjylara hem oňyn täsirini ýetirýär. Şunuň ýaly ajaýyp stadionda türgenleşmek futbol hünärmene bahasyz sowgatdyr. Gürrüňimiziň başynda hem belläpdim, oglanlar örän zehinli, olaryň arasynda çalt öwrenişip gidýänleri-de bar, ýygraraklaryna hem duş gelýän. Ýöne okuw garaşyşym ýaly gyzgalaňly dowam edýär.

Tälimçilik okuwynyň birinji tapgyry tamamlanansoň men tälimçileriň hersine ýumuş berýärin. Her kime bir mysal. Ikinji tapgyrda geçilenleri gaýtalamak bilen bir hatarda berlen ýumuşlary çözüşlerine baha bererin. Tejribe sapaklarynda gatnaşyjylaryň hersi tabşyran ýumuşlarymyň üçüsini, nazaryýet sapagyndan bolsa iki mysaly çözmeli bolarlar. Umumylykda olar synaglaryň bäşisinden geçerler. Şondan soň synaglary üstünlikli tamamlanlara AFK-nyň “A” derejeli tälimçilik ygtyýarnamalary gowşurylar.

Aslynda meň özüm gözlegdäki tälimçi. Bilýän bolsaňyz üç ýyl Täjigistanyň milli ýygyndysyny türgenleşdiripdim. Ondan öň Özbegistanyň milli ýygyndy bilen işleşipdim. Özbegistanyň ýokary ligasynyň toparlaryny türgenleşdirendigimem aýdaýyn. Tälimçi täzelik girizip dursa gowy görýärin. Aýdaly, tälimçiniň türgenleşdirýän topary başga bir topardan 5:0 hasabynda üstün çykdy. Şolaryň içinde oýundan öňki bellikleriň esasynda gol geçirilse. Şol gola gaty begenýärsiň. Bu seniň oýna baha berşiň bilen bagly. Häzirki wagtda Özbegistanyň futbol federasiýasynda dürli ugurdaky ýygyndy toparlara jogap berýän bölümiň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetirýärin.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar ösdürilýär. Onuň çäginde sporty ösdürmek babatynda hem köp işler edilýär. Futbolda hem iki tarapa-da biri-birinden öwrenere zat köp. Diňe ýolbaşçylar düzümi däl, eýsem-de, federasiýada iş alyp barýan bölümleriň wekilleri, futbol tälimçileri... garaz hemme ugurda öňegidişligi gazanmaga çalyşmaly. Meniň özüm FIFA-nyň Pro şahadatnamasyny 2005-nji ýylda Malaýziýada okap alypdym. Germaniýada tejribe sapaklary geçdim. 2006-njy ýylda bolsa Özbegistanyň milli ýygyndysyny türgenleşdirip ugradym. Indi bu ugurda köp ýeňilliler döredildi. AFK bu ugurda köp işleri alyp barýar. Bu näme diýildigi. Her döwlet üçin özboluşly teklip edilýär. Has takyk edip aýtsam, her döwletiň iş alyp barşyna görä iş guralýar. Mundan öň bize Merkezi Aziýa üçin bir bitewi iş tabşyrylýardy.

Nesip bolsa Aşgabatda bu ugurdaky okuwy guramaga mümkinçilik dörediler. Men muňa ýüregim bilen ynanýaryn.

Umuman, sizde futboluň ilerlemegi üçin ähli şertler döredilipdir. Men muny öz tejribämden aýdýaryn. Ýaňy hem belleýşim ýaly ýeňişli ýoda çykmak üçin halkara ýaryşlarynda köp çykyş etmeli. Diňe şonda netije gazanyp bolýar. Sizde bolsa bu babatda ähli şertler, mümkinçilikler bar.

tff.com.tm.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.