Nazar Towakelow: – Bizi diňe ýeňiş kanagatlandyrýar
30 Noýabr, 2021 ý.

8-nji tapgyrda Türkmenbaşynyň «Şagadam» topary Maryda «Merw» toparyny 2:1 hasabynda utup, ýaryş tablisasynda öz ornuny has gowulandyrmagy başardy. Şu oýunda «Şagadamyň» 2 goluny hem öz adyna ýazdyrmagy başaran Nazar Towekelow oýnuň gahrymany bolmak bilen bilelikde çempionatda iň köp gol geçirenleriň sanawynda ikinji orna çykmagy başardy. Oýundan soň hüjümçi bilen habarlaşyp, onuň çempionat hakyndaky pikirlerini okyjylar bilen paýlaşmagyny haýyş etdik.

– Nazar, ilki bilen şu oýundaky gollaryňyz hakynda aýdaýsaňyz.

Gollar görşüňiz ýaly, standart urgulardan geçdi, birinjisi 25 metr çemesi daşlykdan, ikinjisem 11 metrlik urgusyndan. Umuman, «Merw» berk gaýtawul berdi, ozalam bilýäs, garşydaş öz öýünde aňsat utulmaýan topar. Geçen tapgyrda «Ahaldan» hem utuk alyp galmagy başarypdy. Ähli gollaryň standart urgulardan tora girizilenligem oýnuň ýagdaýyny düşündirýän bolsa gerek.

– Häzirlikçe iň köp gol geçirenleriň sanawynda öňdeligi eýeleýärsiňiz, bu öz öňüňizde goýan maksadyňyz bilen baglymy?

-Iň köp gol geçiren futbolçy bolmaga dalaş edýänimi gizläsim gelenok, bu ýagdaý toparymyzyň umumy maksadynyň hem özenini düzýän bolsa gerek. Sebäbi 25 metre çenli aralykdaky jerime urgulary depmek maňa ynanylýar. Bu eýýam şol jerime urgularyň gola öwrülmeginde tälimçiniň maňa bil baglaýanlygyny aňladýar. Diýmek, men köp gol geçirmäge borçly.

-Öňümizdäki oýun hakynda näme aýdyp bilersiňiz, bilşimiz ýaly «Nebitçi» bu tapgyrda «Ahal» bilen oýnady we ...

-Siz « ... we gol geçirtmedi» diýmekçi bolýaňyz, emma bize utuk gaty zerur. Esasy maksat utuş gazanmak. Eger «Ahal»-«Altyn asyr» oýnunda deňlik hasaba alynsa, onda «Nebitçiden» üstün çykan halatymyz bizi birinji orna geçip bileris.

-Ýöne Aman Koçumow 5 goragçy bilen çykyş edýär we onuň goragy size kynçylyk döredip biler.

-Men Aman Koçumowyň elinde futbol oýnadym, tälimçä belet! Onuň gorag sistemasy gaty berk, üstesinede derwezäni Batyr Babaýewiň goraýandygyny hasaba almak gerek. Emma bizi diňe ýeňiş kanagatlandyrýar.

-Sag bol Nazar! Üstünlik arzuw edýäris!

-Sizem sag boluň!

Söhbetdeş bolan Merdan BAÝAT, sport synçysy.

Bellik: «Şagadam» bilen «Nebitçiniň» arasyndaky 9-njy tapgyryň oýny 29-njy noýabrda geçirildi. Söhbetdeşlik şol oýnuň öňüsyrasy geçirildi.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.