Möhüm wezipelere bagyşlandy
04 Noýabr, 2022 ý.

Ýakynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan Halkara Futbol federasiýasynyň (FIFA) yglan eden «Zehinleri ösdürmek» taslamasynyň çäklerinde maslahat geçirildi. Ahal welaýatynda geçirilen maslahata TFF-niň wekilleri gatnaşdylar.

Ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilen maslahata Ahal welaýatynda zähmet çekýän futbol tälimçileridir hünärmenleri gatnaşdylar. Iki gün dowam eden maslahatda TFF-niň öňünde durýan wezipeler, şeýle hem täzeden durmuşa geçirilýän futbol taslamalary boýunça pikir alyşmalar boldy.

Maslahatyň dowamynda TFF-niň täzeden işlenip kabul edilen «Futbolçylaryň derejeleri we geleşikleri (transferleri)» baradaky düzgünnama, şeýle hem FIFA-nyň kabul eden «Zehinleri ösdürmek» taslamasy giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy we onuň çäklerinde öňümizdäki dört ýylda ýaş zehinleri ýüze çykarmak boýunça geçirilmeli işler barada aýdyldy.

Täsirli geçen maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar özlerini gyzyklandyrýan sowallar boýunça jogaplary aldylar.

Maslahatyň soňunda welaýatyň futbol mekdeplerine TFF-niň taýýarlan ýörite sowgatlary hem-de futbol toplary gowşuryldy.

Ýeri gelende bellesek, TFF-niň guramagyndaky maslahatlar, şeýle-de, Lebap, Mary hem-de Daşoguz welaýatlarynda-da geçirildi. Golaý günlerde şeýle maslahatlary Balkan welaýaty bilen Aşgabatda geçirmeklik hem gö öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.