Jerime urgularyň ussady
22 Awgust, 2022 ý.

2007-nji ýylyň sentýabry. Wýetnamyň Hanoý şäheriniň merkezi stadiony. Mýanmanyň ýygyndysy bilen geçirilen oýunda ýeňiş gazanan ýagdaýynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy halkara ýaryşyň ýeňijisi bolýar. Futbolçylarymyz her näçe tijenseler-de, duşuşygyň soňky pursatlaryna çenli 1:0 hasabynda utulyp gelýärler. Ine-de, oýnuň iň soňky minutlary. Duşuşygyň hytaýly emini garşydaş toparyň ýarym meýdanynyň burça golaý ýerinde jerime urgusyny belleýär. Topuň ýanyna adatdakylary ýaly, jerime urgulary bilen ençe oýny «halas» eden Perhat Podarow barýar. Hemmeler onuň topy jerime meýdançasyna geçirmegine garaşýar. Ýöne bu gezek hem öz ussatlygyny görkezen ezber ýarymgoragçymyz aýlawly urgusy bilen topy gönümel derwezä gönükdirýär. Şondan birnäçe minut öň Perhadyň 25 metr aralykdan netijeli ýerine ýetiren jerime urgusynyň 1:0 hasabynda ýeňlip gelýän ýygyndy toparymyza hasaby deňlemäge mümkinçilik berendigini hem bellemek gerek. Şol duşuşykda ýurdumyzyň milli ýygyndysy ýeňiş gazanyp, halkara ýaryşyň ýeňijisi bolupdy. Perhat Podarow bolsa şol ýaryşyň iň ökde oýunçysy diýlip yglan edilipdi...

Aslynda-ha, Perhat bilen gaýybana tanyşlygymyz adygan tälimçimiz Baýram Durdyýew bilen bolan söhbetdeşligimizden başlandy. Geçen ýylyň aýaklaryna ýaşuly hünärmen bilen bolan söhbetdeşligimiziň dowamynda onuň milli ýygyndydaky oýunçylar hakynda eden gürrüňi soň-soňlar-da hiç hakydamdan gitmedi. Halypanyň tälim beren oýunçylarynyň arasynda jerime urgularyň ussady Perhat Podarow hakyndaky gürrüňleri has-da täsirlidi. Täsirli bolmazça-da däldi. Çünki türgenleşdirýän toparyň ýa-da ýygyndy toparyň ýeňlip durka soňky pursatlarda jerime urgusyndan netije gazanylsa, tälimçi üçin, gör, nähili şatlykly pursat. Isle, Baýram aganyň «Talyp sport» toparynda bolsun, isle, milli ýygyndymyzda, Perhadyň soňky pursatlarda jerime urgusyndan netije gazanmaga goşan goşantlary baradaky gürrüňleri hem şundan gelip çykýar. Gürrüňiniň dowamynda Baýram aganyň şol döwürler Kazan şäheriniň «Rubin» toparynda çykyş edýän Pawel Harçigiň hatda Russiýanyň çempionatynda Perhadyňky ýaly jerime urgulary ýerine ýetirýän oýunçylaryň barmak büküp sanardan azdygyny aýdandygyny ýatlap geçsek söhbedimiz tüýs ýerine düşer. Tejribeli tälimçi milli ýygyndymyzyň derwezeçisiniň Perhadyň Mýanmanyň milli ýygyndysynyň garşysyna bolan duşuşykda jerime urgusyndan geçiren gollaryndan soň şeýle diýendigini aýdypdy.

Hawa, diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara arenasynda görkezen oýny bilenem özüni birkemsiz tanadan zehinli ýarymgoragçymyz häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň futbol mekdebinde çagalara tälim berýär. P.Podarow bilen söhbetdeş bolmak üçin onuň ýanyna baranymda ilkinji sowalym ýygyndy toparymyza ýeňiş getiren gollary barada bolupdy.

– Çykyş eden toparlarymda-da, milli ýygyndymyzda-da jerime urgusynyň ussatlary ýeterlikdi. Ýöne näme diýeýin, bilmedim, tälimçiler meýdanda bolanymda jerime urgularyny maňa ynananlaryny kem görenokdylar. Şol gezek hem şeýle boldy. Tälimçimiz Rahym Gurbanmämmedowyň maňa gözi kaklyşandan topy elime alyp, jerime bellenen ýere bardym. Meýdanyň burçuna golaý ýerden depmeli bolansoň, oýunçylarymyz topy jerime meýdançasyna geçirerime garaşypdylar. Megerem, garşydaş toparyň derwezeçisi hem şeýle pikire gelendir, bilmedim, ýöne şonda derwezä geçiren toplarym yhlasly türgenleşiklerimiň miwesi bolupdy.

Ilkinji ädimler

Kiçikäm çagalaryň islendigi ýaly, deň-duşlarym bilen köçede top oýnamak esasy endigimdi. Üýtgeşik bir futbol mekdebini geçdim diýsem-ä hakykatdan daş düşerin. 6-njy synpy gutarynçam üýtgeşik bir gatnan ýerimem ýok. Ýadyma düşýär, 1995-nji ýylda 12 ýaşymdakam paýtagtymyzdaky «Nisa» stadionynda türgenleşik geçýän Wýaçeslaw Wowk bilen Fazil Mämmedowa gatnap başladym. 1999-njy ýyla çenli, Ýokary liganyň wekili «Dagdan» toparyna geçinçäm ussatlygymy artdyrmagy kiçilikdäki tälimçilerim bilen dowam etdirdim. Ýaşlaryň arasynda geçirilýän ýaryşlarda görkezýän oýnuma ýokary baha berlen bolmagy mümkin, 17 ýaşymdakam ussatlar toparyna çakylyk aldym.

Futbol ýoly

Ýaş oglan, täze topar. Ilkibaşda öwrenişmek ýeňil düşmedi. Şol wagtlar toparymyz örän güýçlüdi. Begli Nurmyradow, Myrat Nurýagdyýew, Wýaçeslaw Krendelew, Pawel Butenko ýaly adygan futbolçylar bilen egin-egne oýnamagym futbola bolan garaýşyma görnetin täsirini ýetiripdi. Toparda çykyş eden ilkinji ýylymda ýurdumyzyň Kubogyny gazanypdyk. Şonda «Garagum» toparynyň garşysyna oýnap final duşuşygymyzda ýeňiş topuny geçirmek meniň paýyma düşüpdi. «Ahal», «Gazçy», «Aşgabat», «Talyp sport», HTTU, «Altyn Asyr», «Şagadam» toparlarynda çykyş eden döwürlerim hem ýatdagalyjy bolupdy. Has-da, HTTU topary bilen netijeli çykyş edendigimiz hakydamda. Topar bilen 2007-nji, 2009-njy hem-de 2013-nji ýyllarda ýurdumyzyň çempiony, 2006-njy, 2007-nji hem-de

2008-nji ýyllarda ýurdumyzda geçirilýän Prezidentiň Kubogynda ýeňiş gazanypdyk. Milli ýygyndymyzyň hatarynda ondan gowrak duşuşyga gatnaşandygymy hem belläsim gelýär. Çykyş eden toparlarymda hem-de milli ýygyndymyzda 78 topy geçirmegi başardym, şolaryň 36-synyň jerime urgularyň paýyna düşendigini aýdyp geçeýin.

Jerime urgulary

Kiçiligimde iňlis futbolçysy Dewid Bekhemiň depýän jerime urgularyny gaýta-gaýta synlardym. Türkmen futbolçylarynyň arasynda bu ugurda Begençmuhammet Kulyýewiň ussatlygyny agzasym gelýär. Onuň Aziýanyň Kubogynyň final tapgyrynda duşuşygyň 90+2-nji minutynda Saud Arabystanynyň ýygyndy toparynyň derwezesine geçiren topy häli-häzirem hakydamda. Şonda ýygyndy toparymyz 2:2 hasabynda deňme-deň oýnapdy. Garaz, türgenleşige başlan ilkinji günlerimden jerime urgularyny esasy ugrum edindim. Türgenleşik tamamlanansoň, deň-duşlarym öýlerine gaýtmaga döwtalap bolsalar, men meýdanymyzyň boşaryna howlugardym. Ine derweze, bir tarapdan bellenen aralyk. Näçe türgenleşseň türgenleşibermeli. Garaz, iňrik garalýança öýe gaýtmazdym. Futbol ýolumdaky ýerine ýetiren ilkinji jerime urgym häli-häzirem ýadymda. 2003-nji ýylda «Ahalda» çykyş edýärkäm Daşoguzda ýerli «Turan» bilen duşuşypdyk. 30 metr çemesi aralykda bellenen jerime urgyny dürs ýerine ýetiripdim. Şonda oýnuň yzysüresi milli ýygyndymyzyň tälimçisi Rahym Gurbanmämmedowyň ýygyndy toparymyza çagyrmagy futbol ýolumdaky iň begençli wakalaryň biri bolupdy. Daşary döwletleriň toparlaryndan hem çakylyklar bolupdy. Azerbaýjan, Özbegistan, Wýetnam,... ýaşlyk edendirin-dä, bilmedim. Türgenleşiklerine gatnaşsam-da, olaryň meni toparlarynda görmek isleýändiklerine garamazdan, tekliplerini kabul etmedim.

Halypalyk ýoly

2013-nji ýylda hünär ýolumy tamamlanymdan soň, tälimçilik ýoluna başladym. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň futbol mekdebinde çagalara tälim berýärin. Paýtagtymyzdaky Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky «Köpetdag» sport toplumynda (öňki «Dagdan» stadiony) geçirýän türgenleşiklerimde 2010-njy hem-de 2011-nji ýyllarda doglan futbolçylary türgenleşdirýärin. Olar bilen günde iki wagtyna türgenleşik geçýärin. Ýaryşlarda birnäçe gezek ýeňiş gazanmagy başardyk. Türgenleşikler bilen birlikde, şägirtlerimiň okuwlaryny hem gözden salmazlyga çalyşýaryn. Häzirki wagtdan olaryň meýdandaky orunlaryny dürs kesgitlemegi esasy wezipe hasaplaýaryn. Çünki ýaş futbolçylary meýdanda dogry ulansaň, soňunda olaryň professional futbolda uýgunlaşmagyna oňyn täsir edýär. Oglum Ysmaýylyň hem toparymda türgenleşýändigini aýdyp geçeýin. Onuň türgenleşiklere erjel gatnaşýandygy ýaşlygyma dolanan ýaly edäýýär. Şu ýerde bir zady berk belläsim gelýär. Ýaňy hem aýdypdym. Futbolçy döwrümde goýberen ýalňyşlyklaryma häli-häzirem ökünmän duramok. Şonuň üçinem çagalara meniň ýalňyşlyklarymy gaýtalamazlygy sargyt edýärin. Bu ugurda elimden gelenini gaýgyramok.

Sözsoňy ýerine

Ýaňy-ýakynda paýtagtymyzda geçirilen futbol ýaryşynyň finalynda «Batly» toparynyň ýaşajyk futbolçylary «Altyn täç» topary bilen duşuşdy. Göräýmäge, bu adaty duşuşyk ýaly. Duşuşygyň emini soňky minutlarda «Altyn täjiň» derwezesine 16 metr çemesi aralykdan jerime urgyny belleýär. Topy derwezä depmäge gelen oýunçynyň hereketlerem, dürs ýerine ýetirilip, toparyna ýeňiş getiren urgy-da diýseň tanyş bolup göründi. Şeýle bolmazça-da däldi. Çünki ol Perhadyň ogly Ysmaýyldy. Şol pursat ussadyň 2007-nji ýylda ýerine ýetiren jerime urgusy gaýtalanyp giden ýaly duýgyny başdan geçirdim. Biygtyýar halk pähimleri hakydamda köwsarlady: «Ata kesbi – ogla halal», «Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter»...

Orazgeldi GELDIÝEW,

TFF.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.