Elman Tagaýew: «Ykbal çözüji goluň lezzeti bir başga»
10 Dekabr, 2021 ý.

Türkmenistanyň kubogynyň ýarym finalynda «Ahal» 2:1 hasabynda «Altyn Asyr» toparyny ýeňlişe sezewar edip, finala ýollanma gazandy. Topara ýeňiş getiren ikinji goly uzak aralykdan Elman Tagaýew tora salmagy başardy. Oýundan soň habarçymyz hüjümçi bilen duşuşyp, pikir alyşdy.

– Elman, siz diýseň ähmiýetli oýunda netijäni kesgitleýän goly öz adyňyza ýazdyrmagy başardyňyz.
Hawa oýunlaryň ähmiýetsizi ýok welin, edil bu oýnuň finala alyp çykjakdygy hemmämize mälim bolansoň, taýýarlygam başgaça görülýär. Şonuň üçinem, şunuň ýaly oýunda geçirden gollaryň uly ýitgi, geçiren gollaryň uly peýda hasap edilýär. Esasy zat gowy netije gazanyp, finala çykandygymyza begenýärin. Eger ahyrky netije toparyň haýryna bolmadyk bolsa, islendik owadan geçen golam begendirmän biler. Ykbal çözüji gollaryň lezzetem bir başga bolýar.

– Ýokary ligada «Altyn Asyr» bilen geçiren soňky oýnuňyzda 1:2 hasabynda asgyn gelipdiňiz. Bu gün bolsa şol hasap bilen ýeňiş gazandyňyz. Iki oýunda hem çykyş eden we ikisinde-de gol geçiren futbolçy hökmünde näme tapawut barlygy hakynda aýdyp geçseňiz?
Uly bir tapawut ýok. Türgenleşikde her oýna ykjam taýýarlyk görülýär. Şoňa görä-de, oýun babatynda gaty bir parham ýok.

– Onda-da biz iki oýunda biri-birine gapma-garşy gelýän hasaby gördük?
Bu futbolda bolýan ýagdaý. Şular ýaly çekeleşikli oýunlar umuman aýdanyňda, türkmen futbolynyň peýdasyna diýesim gelýär. Iki toparam elinde baryny edip ýeňiş üçin oýnady. Emma bir-de çüwýär, birde-de çüwenok. Görşüňiz ýaly, «Altyn Asyr» bilen geçirilen iki oýunda-da gol geçirdim, emma ikinjisini ýatlamak maňa has ýakymly (ýylgyrýar).

– Sebäbi «geçiren golum topara netije getirdi» diýýärsiňizmi?
Elbetde!

– Elman, finalda-da üstünlik arzuw edýäris! Şu ýakymly duýgular sizi hiçem terk etmesin! Ýene-de bir gezek finala çykmagyňyz bilen gutlaýaryn!
Sag boluň!

Söhbetdeş bolan Merdan Baýat, sport synçysy.

Bellik: Türkmenistanyň kubogynyň finaly 22-nji dekabrda «Ahal» we «Şagadam» toparlarynyň arasynda geçiriler.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.