Federasiýanyň Kubogy – 2021: “A” toparçada jemleýji duşuşyklar geçirildi
21 Iýun, 2021 ý.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň ikinji tapgyrynyň çäginde “A” toparça çykyş edýän toparlar jemleýji tapgyryň duşuşyklaryny geçirdiler.

Bu tapgyrda “Şagadam” toparyny 2:0 hasabynda ýeňen “Energetik” topary toparçada birinji orny eýeledi.

“Altyn Asyr II” topary bilen 3:3 hasabynda deňme-deň oýnan “Aşgabat” 5 utuk toplap, toparçany ikinji orunda tamamlady. Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadamy” üçünji, “Altyn Asyr II” topary bolsa dördünji orunlarda ornaşdylar.

TFF-niň Kubogynyň “B” toparçasyna wekilçilik edýän toparlar jemleýji, üçünji tapgyryň duşuşyklaryny 22-nji iýunda geçiriler.

Üçünji tapgyryň netijeleri:

“B” toparça

“Şagadam” – “Energetik” – 0:2

Gollar: 59 (11 m.j.u.) Orazmuhammet Işangulyýew, 90+5 (11 m.j.u.) Tirkiş Muhammetberdiýew (“Energetik)

“Aşgabat” – “Altyn Asyr II” – 3:3

Gollar: 1 Şatlyk Gurbanow, 29, 71 Hydyrgeldi Atdjanow (“Aşgabat”) – 7, 31 Begenç Akmämmedow, 27 (11 m.j.u.) Şamämmet Hydyrow (“Altyn Asyr II”)

Ýaryşyň tablisasy

“A” toparça

T/bToparlarOÝDUTU
1.ENERGETIK FK32106-37
2.AŞGABAT FK31204-35
3.ŞAGADAM FK31022-43
4.ALTYN ASYR II30127-91

“B” toparça

T/bToparlarOÝDUTU
1.MERW FK22003-16
2.AHAL FK21013-33
3.NEBITÇI FK21014-33
4.KÖPETDAG FK20021-40

22.06.2021 ý. III tapgyr

“B” toparça

18:15 “Nebitçi” – “Merw”

20:30 “Ahal” – “Köpetdag”

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.