TFF-niň Kubogy – 2021: Ikinji tapgyryň birinji duşuşyklary geçirildi

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary geçirilip, oýun gününiň birinji duşuşygynda “Energetik” bilen “Aşgabat” toparlary 0:0 hasabynda deňme-deň oýnadylar.

Tapgyryň beýleki duşuşygynda “Şagadam” “Altyn Asyr” toparynyň ýaşlar düzüminden 2:1 hasabynda üstün çykdy.

Şeýlelikde, geçirilen iki tapgyrdan soň 4 utukdan toplan “Energetik” bilen “Aşgabat” toparlary degişlilikde birinji, ikinji orunlary eýeleýärler. Iki oýunda üç utuk toplan “Şagadam” üçünji orunda ornaşmagy başardy.

Kubok ugrundaky bäsleşigiň çäginde “B” toparçada çykyş edýän toparlar ikinji tapgyryň duşuşygyny 20-nji iýunda geçiirerler.

Ikinji tapgyr:

«B» toparça

«Energetik» - «Aşgabat» - 0:0

«Altyn Asyr II» - «Şagadam» - 1:2

Gollar: 38 (11 m.j.u.) Merdan Muhadow («Altyn Asyr II») – 5 Murat Ýakşiew, 72 Ruslan Täjiýew («Şagadam»)

Ikinji tapgyr:

20.06.2021 ý. II tapgyr

“B” topar

18:15 “Merw” – “Ahal”

20:30 “Köpetdag” – “Nebitçi”

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.