Türkmenistanyň milli ýygyndysy Dünýä çempionaty 2022-niň saýlama tapgyryndaky duşuşyklaryny ýaýbaňlandyrar

Dünýä çempionaty 2022-niň saýlama tapgyrynyň “H” toparçasyndaky galan duşuşyklar Koreýa Respublikasynyň Goýang şäherinde merkezleşdirilen görnüşinde geçiriler. Bu saýlama toparçasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hem çykyş edýändigini bellemek gerek.

Häzirki wagtda bütin dünýäde epidemiologik ýagdaýyň ýüze çykandygy bilen bagly Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy saýlama tapgyryň duşuşyklarynyň geçiş tertibini üýtgedip, ony merkezleşdirilen görnüşde geçirmek barada netijä geldi. Şonuň bilen bagly Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň çykyş edýän “H” toparçasynyň duşuşyklaryny Koreýa Respublikasynyň Goýang şäherinde geçirmeklik bellenildi.

Türkmenistanyň ýygyndy topary 5-nji iýunda Koreýa Respublikasynyň, 9-njy iýunda bolsa Liwanyň milli ýygyndysynyň garşysyna meýdana çykar.

Ýygyndy toparymyz 15-nji iýunda Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň milli ýygyndysynyň garşysyna duşuşyk geçirmelidi. Ýöne KHDR-iň Futbol federasiýasynyň Aziýanyň Futbol Konfederasiýasyna saýlama tapgyryna gatnaşmaýandygyny bilen bagly resmi mälim edeninden soň, ýygyndy toparymyzyň bu ýurduň ýygyndysy bilen bolmaly duşuşygy geçirilmez. Bu barada AFK-nyň FIFA ýollan hatynda aýdylyp, geçirilmeli bu duşuşygyň netijesi hem-de “H” toparçasyndaky ýaryş tertibiniň ýagdaýy soň mälim ediler.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň milli ýygyndysy geçirilen 6 tapgyrdan soň toplan 9 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär.

“Dünýä Kubogy – 2022” (saýlama tapgyr)

“H” toparça

05.06.2021 ý.

Koreýa Respublikasy – Türkmenistan

Geçirilýän ýeri: “Goyang Stadium” st. (Goýang ş.)

Başlanýan wagty: 16:00

09.06.2021 ý.

Türkmenistan - Liwan

Geçirilýän ýeri: “Goyang Stadium” st. (Goýang ş.)

Başlanýan wagty: 11:00

Bellik: Duşuşyklaryň geçirilýän wagtlary Aşgabat wagty bilen görkezilen.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.