Türkmenabat şäherinde «AFC Grassroots Football Day 2021» atly çagalaryň futbol festiwaly geçirildi

Türkmenabat şäherindäki sport toplumynyň meýdanynda « AFC Grassroots Football Day 2021» çagalar futbol festiwaly geçirildi.

Festiwalyň dowamynda çagalar guramaçylar tarapyndan ýörite gurnalan türgenleşik işlerine, dürli ugurdaky bäsleşiklere gatnaşdylar. Şeýle-de, festiwalyň soňunda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan taýýarlanan ýörite sowgatlar gowşuryldy.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň guramagyndaky çagalar festiwalyna çagalar futbol toparlaryna wekilçilik edýän futbolçylaryň gatnaşandygyny ýatladýarys.

Ýeri gelende bellesek, AFK-nyň guramagyndaky çagalar futbol festiwaly futbol Aziýanyň Futbol Assosiasiýalaryna agza bolan assosiasiýalaryň 42-sinde geçirilip, oňa umumylykda 180 müňden gowrak çaga gatnaşdy.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.