TÜRGENLERIŇ IÝMITI
03 Maý, 2021 ý.

Türgeniň iýýän naharlary we içýän suwuklyklary gönüden göni onyň ýaryşlarda we türgenleşiklerde işjeňligine tapawutly täsir edýär.

Ähli oýunçylar öz bedeniniň iýmite bolan tapawutlylyklary we zerurlygy barada habarly bolmaly we öňünde goýulýan sport ýokary maksatlaryna laýyklykda iýmit meýilnamasyny öz lukmany bilen işläp düzmeli.

Her türgen bedeni boýunça tapawutlydyr we her kime aýratynlykda niýetlenen iýmit meýilnamasy bolmaýar. Türgen sport möwsümiň dowamynda  iýmit  meýilnamasyny hökmany suratda  korreksiýa etmeli .

Dogry iýmitlenmek türgenleşik we maşk sapaklaryna uly täsir edýär, şol sebäpli-de,  yzygiderli agyr fiziki basyşlara döz gelmege, keselleriň we şikesleriň  öňüni almaga ýardam berýär.

        Iýmit arkaly dogry we ýeterlik mukdarda  energiýany kabul etmek türgeniň saglygyny ýokary  derejede saklamak we ýokary sport üstünliklere ýetmäge mümkinçilik döredýär.

Artykmaç iýmitlenmek öz gezeginde artykmaç bedeni agrama, semizlige getirýär we türgeniň işeňňirligini peseldýär, şikesleriň hem  keselleriň artmagyna howp salýar.

Türgeniň agramyny we fiziki ýagdaýyny möwsümden öňki taýynlyk türgenleşiklerde kada getirmeli.

Her türgeniň bedeninde ýag derejesiniň optimal görkezijileri aýratyn bolýar we iýmit meýilnama düzülende, öňi bilen  türgeniň beden düzümi (ýag,mineral, süňkleriň dykyzlygy, bedeni suw düzümi we beýlekiler) hökmany suratda kesgitlenmeli.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.