Futbol we saglyk
29 Aprel, 2021 ý.

Adamyň bedeni fiziki işeňňirliginiň ýoklugy ýa-da pesligi saglyga  ýaramaz täsir edýär.

Häzirki wagtda jemgyýetimiz az hereketli ýaşaýyşa ýykgyn edip, artykmaç agramlylykdan ejir çekýär. Bu bolsa soňlugynda dürli keselleriň ýüze çykmagyna getirýär.

Fiziki işeňňirlik adamyň saglygyna we durmuşynyň hiline oňaýly täsir edýär. Ylmy  barlaglar, hepdede iki-üç gezek 45-60 minutyň dowamynda futbol oýnaýan adamlaryň  bedeniniň ýürek-damar we daýanç hereket ulgamlaryna, tapawutlandyryjy peýdasyny görkezýär. Bu bolsa adamyň ruhubelentligini , emosianal we stresslara bolan durnuklylygyny artdyrýar.

Futbolyň oňaýly täsirleri hakynda aýdanymyzda, onda ol türgeniň ýaşyna, jynsyna, oýun tejribesine we türgenleşikleriň agyrlylygyna bagly däldir.

Saglyk adamyň sagdyn ösmeginiň we kämilleşmeginiň esasy  ugry bolup durýar.

Dünýäde adamlaryň millionlarçasy SPID, inçekesel, malariýa ýaly kesellerden ejir çekýärler. Emma soňky döwürler  süýji keseli, ýürek we gan-damar keselleri, gipertoniki keseli, semizlik ýaly keseller ilkinji nobata çykyp ugrady.

Şu keselleriň esasy sebäbi hem adamyň ýaramaz gylyklara ( çilim, alkogol) we sagdyn durmuşa ýörelgelerine ýykgyn etmeýänligi bilen bagly bolup durýar.

Futbol dünýäde adamlary;  ýaşyna, jynsyna, milletine, medeniýetine , diline we din degişliligine garamazdan birleşdirýär.

Şonuň netijesinde sport dünýäde adam jemgyýetinde saglygy dikeldiş ýeke-täk effektiw we minimal çykdajysyz usul bolup durýar.

Lukmanlar we alymlar adamyň beden saglygyna fiziki işşeňirliginiň oňaýly täsirini belleýärler.

Indiki makalalarymyzda biz futbolyň adamyň saglygyna täsiri, keseliň öňüni alyş, saglygy  dikeldiş we futbolyň türgenleşikleriň göwrümi barada gürrüň ederis.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.