Serdar Garajaýew “Energetik” toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi

Ýaş hünärmen Serdar Garajaýew Mary şäheriniň “Energetik” toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi.

Ýeri gelende bellesek, S.Garajaýew geçen möwsüm Türkmenistanyň Birinji ligasynyň “Binagär” toparyny türgenleşdiripdi.

Hünärmene bu wezipede tejribeli tälimçiler Mekan Nasyrow bilen Gurbangeldi Durdyýew kömekleşerler.

Ýeri gelende bellesek, Mary şäheriniň “Energetik” topary ýurdumyzyň futbol çempionatynyň geçen möwsüminde iň soňky, sekizinji orny eýeledi.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.