Federasiýanyň Kubogy – 2021: “Merw” öňdäki orny eýeleýär

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň ikinji tapgyrynyň çäginde “B” toparça wekilçilik edýän toparlar öz duşuşyklaryny geçirdiler.

Bu tapgyrda “Ahaly” 2:1 hasabynda ýeňen “Merw” topary toplan 6 utugy bilen toparçada birinji orny eýeleýär. Tapgyryň beýleki duşuşygy “Nebitçi” bilen “Köpetdagyň” arasynda geçirilip, onda Balkanabadyň topary 3:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Şeýlelikde, 3 utukdan toplan “Ahal” bilen “Nebitçi” toparlary ikinji, üçünji orunlarda ornaşdylar.

TFF-niň Kubogynyň üçünji, jemleýji tapgyrynyň duşuşyklary 21-nji hem-de 22-nji iýunda geçiriler.

Ikinji tapgyryň netijeleri:

“B” topar

“Merw” – “Ahal” – 2:1

Gollar: 40 Serdaraly Ataýew, 76 Arslan Ýusupow (“Merw”) – 82 (11 m.j.u.) Serdar Geldiýew (“Ahal”)

“Köpetdag” – “Nebitçi” – 1:3

Gollar: 42 Şiri Annaýew (“Köpetdag”) – 15 Arslan Saparow, 19 Akmämmet Metdäýew, 69 Merdan Gurbanow (“Nebitçi”)

Bellik: Duşuşygyň 77-nji minutynda Öwezbaý Muhammetmyradow (“Köpetdag”) 11 metrlik jerime urgusyny nädürs ýerine ýetirdi.

21.06.2021 ý. III tapgyr 22.06.2021 ý. III tapgyr

“A” topar “B” topar

18:15 “Şagadam” – “Energetik” 18:15 “Nebitçi” – “Merw”

20:30 “Aşgabat” – “Altyn Asyr II” 20:30 “Ahal” – “Köpetdag”

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.