Milli ýygyndymyzyň taryhyna ser salýarys
31 Dekabr, 2018 ý.

Birleşen Arap Emirliklerinde (BAE) 2019-njy ýylyň 5-nji ýanwary 1-nji fewraly aralygynda 17-nji Aziýa Kubogy ugrundaky futbol ýaryşy geçirler. Bu ýaryş BAE-de 2-nji gezek geçirilýär. Aziýa Kubogynyň bu gezekkisine milli ýygyndylaryň 24-si gatnaşýar. Duşuşyklar Dubaý, Abu-Dabi, Al-Aýn, we Şarja şäherlerinde jemi 8 stadionda geçirilýär. Bu ýaryşa iñ köp gatnaşan ýygyndylar Eýranyň we Günorta Koreýanyň milli ýygyndylarydyr ,olar 14-nji gezek Yklym ýaryşynda çykyş edýärler.

Ilkinji gezek gatnaşýan ýygyndylar bolsa Ýemeniň, Filippinleriň we Gyrgyzystanyň milli ýygyndylarydyr.

Biziñ ýygyndymyz bu ýaryşa 2-nji gezek gatnaşýar.

Toparçalarda 3-nji orny eýelän 4 milli ýygyndy indiki tapgyra çykmaga hukuk gazanar.

Milli ýygyndymyzyň taryhyndan gürrüň açýarys

Milli ýygyndymyz ilkinji resmi duşuşygyny 1992-nji ýylyñ 1-nji iýunynda myhmançylykda geçirip, şonda ýoldaşlyk duşuşygynda Gazagystanyň ýygyndysyndan 1-0 hasabynda asgyn geldi.

Milli ýygyndymyzyñ ilkinji goluny 1992-nji ýylda Daşkentde Özbegistan bilen geçiren ýoldaşlyk duşuşygynda geçirmegi başardy. Şonda 2-1 hasabynda özbek futbolçylary ýeñiş gazandy. Şol duşuşykda milli ýygyndymyzyñ futbolçysy Witaliý Zolotuhin tapawutlanyp, milli ýygyndymyzyñ ilkinji goluny geçiren futbolçy boldy.

Milli ýygyndymyz ilkinji 3 utugyny 1992-nji ýylda Aşgabatda "Köpetdag" stadionynda Gyrgyzystan bilen geçiren duşuşygynda gazandy. 4-0 hasabynda gazanylan ýeňişde gollary Waleriý Kirillow, Gurbangeldi Durdyýew, Çaryýar Muhadow we Amanmyrat Meredow dagy geçirdi.

Milli ýygyndymyz iñ uly hasaply ýeñşini 2003-nji ýylyñ 19-njy noýabrynda Aşgabatda Owganystanyñ milli ýygyndysy bilen geçiren duşuşygynda gazandy. Şonda 11-0 hasabynda ildeşlerimiz üstün çykdy. Duşuşykdaky gollary Guwançmuhammet Öwekow 2, Begençmuhammet Kulyýew 3, Nazar Baýramow 1, Omar Berdiýew 1, Rejepmyrat Agabaýew 3, Didargylyç Orazow 1 geçirdiler.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.